01.10.1993-nji ýylda, 27.08.1993ýyl senedäki 27 belgili buýruk esasynda, Türkmenistanyň nebit we gaz ministrliginiň “Balkanneftehimprom” (Balkannebit-himiýasenagat) konserniniň “Neftespesmontažstroý” (Ýöritenebitgurnama-gurluşyk) trestiniň düzümine girýän Awtoulag dolandyryş edarasy döredildi. 30.11.1993ýyl senedäki 488 belgili buýruk esasynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Neftespesmontažstroý” (Ýöritenebitgurnamagurluşyk) trestiniň Awtoulag dolandyryş edarasy diýip ady üýtgedildi. 10.06.2020ýyl senesindäki 48 belgili buýruk esasynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Awtoulag we ýol gurluşyk müdirligi diýip ady üýtgedildi.
Müdirligiň esasy wezipesi ýükleri daşamak, burow meýdaçalaryny gurmak we olara alyp barýan ulag ýollaryny gurmak, burow desgalaryna gerek bolan enjamlaryň we turbalaryň daşalmagyny üpjün etmek bolup durýar.
Müdirlik önümçiligiň maddy-tehniki üpjünçiligini özbaşdak gurnaýar, şertnama esasynda işleri alýar we hyzmatlary ýerine ýetirýär.
Salgysy: Balkanabat şäheri, Senagat çägi, 42
Kabulhana: 3-11-07