Ekerem buraw işleri müdirligi Türkmenistаn Bitаrаp Gаrаşsyz döwletimiziň günorta günbаtаr sepgidinde nebit-gаz ýаtаklаrynyň bаrlаg we gözleg işlerini geçirmek üçin ,,Türkmennebit’’ Birleşiginiň №46 buýrugy esаsynda 14.08.1974-nji ýylda Guýjuk buraw gözleg kаrhаnasynyň RITS №1 bazasynda döredildi. Ekerem buraw işleri müdirligi “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň burawlaýyş müdirlikleriniň biri bolup durýar. Müdirligiň esasy maksady nebit we gaz guýylaryny burawlamak we Nebitgazçykaryş müdirliklerine ulanyşa tabşyrmak bolup, müdirlik häzirki wagtda özüniň burawlaýjy toplumlary bilen Altyguýy, Ekerem, Keýmir, Kemer, Günorta Gamyşlyja, Nebitlije, Demirgazyk Goturdepe, Uzynada we Porsy ýaly meýdançalarda gazuw işleri alnyp barylýar.
Ekerem buraw işleri müdirliginde jemi 15 (on bäş) sany buraw toplumy bolup, olardan 14 (on dört) sany burawlaýjy toplum we 1 (bir) sany guýulary (barlamak) abatlamak üçin niýetlenen ýörite tehniki XJ-450 toplumy gije-gündiz zähmet çekýärler.
“Türkmennebit” DK-niň başlygynyň 31.07.2017-nji ýyldaky 179/Ö-belgili buýrugy esasynda Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligi diýlip atlandyrylypdyr.
Ekerem buraw işleri müdirliginiň burawlaýjy toplumlary Altyguýy, Ekerem, Keýmir, Kemer, Günorta Gamyşlyja, Nebitlije, Demirgazyk Goturdepe, Uzynada we Porsy ýaly meýdançalarda gazuw işleri alnyp barylýar.
Geljekde meýilnamada göz öňünde tutulan sepgitlere ýetmek üçin, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyndan ugur alyp, Ekerem BIM-niň agzybir işgаrleri bilen öňümizde goýulan meýilnamalary burawlamak we guýulary tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Salgysy: Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesi
Kabulhana: 3-51-06