Türkmenistanyň iň gurak ýeri, günbatar bölegidir. Onuň köp bölegini Garagum çöli, 80%-ni bolsa agyz suwuna ýaramsyz ýerasty ajy suw kölleri tutýar. Ýer üsti süýji suwly çeşmeleri ýok diýseňem boljak. Günbatar Türkmenistanda nebitli ojaklaryň güýçli depginde ösmekleri buraw işlerinde, üsti açylýan nebitli känleri işläp taýýarlamakda zerur bolan tehniki suwy hem-de gaýduwsyz nebitçileri we olaryň ýaşaýan şäherdir obalaryny agyz suw bilen üpjin etmeklik wajyp meseleleriň biri bolup durýar.
1940-njy ýylda “Türkmennebit” trestiniň, häzirki “Türkmennebit” DK-nyň kömekçi bir şahamçasy bolup suw üpjünçilik sehiniň döredilmegine getirýär.
Soňabaka nebit ýataklarynyň geriminiň ýaýramagy hem-de suwa bolan talabyň ýokarlanmagy bilen 1943-nji ýylda kömekçi suw üpjünçilik sehi “Türkmennebit” trestiniň özbaşdak edarasyna öwrülýär.
Suwa bolan zerurlygyň ösmegi alymlaryň ilkinji aladalarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa 1957-1958-nji ýyllarda türkmen alymy B.N.Ýomudskiniň ýolbaşçylygynda ýaş hünärmen N.G.Şewçenkonyň uly ynam we irginsiz zähmeti bilen ýeke täk, täsin Ýasga ýerasty suw linzasynyň üsti açylýar. Bu linza doly özleşdirilip, gurnalyp 1963-nji ýylda suw üpjünçilik edarasynyň hasabyna ulanylyşa berilýär. “Ýasga” sözi oturymly adamlaryň aýtmagyna görä, “Ýesge” sözünden gelip çykypdyr.
Ýasga ýerasty suw linzasy Balkanabat şäheriniň demirgazyk-gündogar tarapynda, 125 km daşlykda ýerleşen. Linzanyň uzynlygy 60 km, ini 25 km deňdir. Ýasga linzasy Garagum switasynyň gadymy çetwertik allýuwial gatlaklanmasyna degişlidi.
Suw ýeriň ýüzünden 30-45 metr aşakda bolup, suw saklaýan esasy jisim çäge bolup durýar. Ýasga linzasy özüniň düzümi boýunça TDS – na gabat gelýän 1g/L çenli süýji suwy bilen tutýan meýdany 8,8 mlrd m3. Süýji suwuň galyňlygy 60-70 m ýetýär. Suw ultrasüýji bolup ol 0,4-0,8 g/L deň. Ätiýaç gorunyň möçberi bir gije gündizde 129000 m3. Linzada ýerasty suwuň akymy gündogardan günbatara bolup, uzboý çöketligine düşüp, ol ýerde dynç almaga ýaramly Ýasga, Garategelek, Topýatan süýji suwly köljagazlaryny emele getiren. Olaryň golaýynda ýerasty ganaw arkaly ýygnalan, duzlylygy ýokary bolan ajy suwly köljagazlaram ýerleşen. Ýasga ýerasty suw käniniň täsinligi, onuň dünýäde ilkinji bolup, bir wagtda süýji we ajy suwlaryň arasynda laýyk gatnaşyk saklap goşalaýyn guýular arkaly suw sorup, netijede ulanyş döwründe ajy we süýji suwlaryň arasyndaky araçägini bozman, ýagny süýji suwly guýynyň aşaky ajy gatlakdaky suwy sormakdan saklap ilata TDS-na laýyk arassa agyz suwuny bermeklige gönükdirilendir.
Ýasga ýerasty suw linzasynyň Günbatar böleginde 49 topbak guýular bolup, her topbak 3 sany, ýagny 1 sany süýji, 1 sany ajy, 1 sany gözegçi guýulardan ybarat bolup durýar. Guýular üçburç görnüşde bolup, şahamçaly, hatara goýlan tertipdedir. Eger dürli diametrli guýular arasyndaky jübitleýin suw geçirijileriniň uzynlygyny hasaplap görseň, ol 55000 m-e golaýdyr.
Guýular (49 sany) boýunça süýji suwuň hasaplanan ätiýaç gory 1 gije-gündizde 35000 m3. Süýji suwly guýulardan çykarylýan suw Ýasga meýdanynda ýerleşýän Ýasga sehindäki ýarymgömük ýapyk rezerwuara ýygnalýar we ondan Balkanabat şäherine tarap akdyrylyp, nebitli ojaklarda işleýän nebitçileriň agyz suw üpjünçiligine, tehnologiki zerurlyklaryna, hem-de “Balkanwelaýatagyzsuw” ÖÜB-ne paýlanyp berilýär. Ugurdaş çykarylýan ajy suw bolsa adybir “Ýasga” ýer üsti kölüne taşlanýar.
Ýörite döredilen laboratoriýanyň üsti bilen onda çykarylýan suwlar “Türkmendöwletstandartlaryna” laýyklykda hil taýdan barlanyp durulýar.
Suw üpjünçilik müdirliginiň önümçilik meýdanlary örän giňden ýaýrandyr. Ol Balkanabat şäheriniň Gündogar tarapyndan 125 km, Günorta tarapyndan 280 km, Günbatar tarapyndan 100 km daşlykdaky meýdanlary eýeleýär. Müdirligiň baş wezipesi suw çykarmak we akdyrmak bolup, edara-kärhanalary gerekli suwy bilen üpjün edip durýar.
Salgysy: Balkanabat şäheri, 123-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1-nji jaý.
Kabulhana: 6-70-21