Körpeje buraw işleri müdirligi Günbatar türkmenistanda nebit-gaz ýataklarynyň açylmagy bilen 1948-1954-nji ýyllar aralygynda “Türkmennefterazwedka” trestiniň №1-nji edarasy bolup döredilipdir. Nebit senagat ministrliginiň 11.12.1954 ýyldaky №885 buýrugy bilen “Türkmenburnebit” trestiniň düzümindäki №3 buraw edarasy birikdirilip ,,Türkmenburnebit’’ trestiniň №3 buraw edarasy (KURB) döredilýär. 1971-nji ýylda “Türkmennebit” birleşiginiň 12.05.1971 ýyldaky №94 buýrugy esasynda KURB-3 bazasynda Guýjyk gözleg müdirligi döredilýär. “Türkmennebit” DK-niň 20.12.2005ýyldaky №559 buýrugy esasynda 01.01.2006-01.06.2006 aralygynda Guýjyk gözleg buraw müdirligi Guýjyk buraw işleri müdirligi diýip atlandyrylýar. “Türkmennebit” DK-niň 01.06.2006 ýyldaky №292 buýrugy esasynda Guýjyk buraw işleri müdirliginiň ady üýtgedilip Körpeje buraw işleri müdirligine öwrüldi.
Körpeje buraw işleri müdirligi “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň burawlaýyş müdirlikleriniň biri bolup durýar.Müdirligiň esasy wezipesi nebit we gaz guýylaryny burawlamak we Nebitgazçykaryş müdirliklerine ulanyşa tabşyrmak bolup,müdirlik häzirki wagtda özüniň buraw desgalary bilen Uzynada, Altyguýy, Nogaý, Guýjyk meýdançalarynda gazuw işlerini alyp barýar. Müdirligiň dolandyryş jaýy Gumdag şäherçesiniň 10 km günortasynda Guýjyk şäherçesinde ýerleşýär. Beýleki önümçilik bölümleri merkezi inžener tehnologik gullugy, önümçilige hyzmat ediş bazasy, wyşka gurnama sehi, abzallar meýdançasy, toýunsow laýlar laboratoriýasy,merkezi ammary, işçileriň umumy ýaşaýyş jaýlary we kömekçi hojalyk sehi Günorta Bugdaýly meýdançasynda ýerleşýär.
Müdirlik esasan hem Uzynada meýdançasynda çuň guýylary burawlamakda Hytaý Halk Respublikasynyň önümi bolan ZJ70DB kysymly buraw desgalary bilen işleri alyp baryp №1,7,9,12,14,17 barlag guýylaryny öz wagtynda üstünlikli tabşyrdy.
Salgysy: Gumdag şäheriniň 10-njy kilometriniň Günortasy
Kabulhana: 31-6-77