Nebit we gaz ministrliginiň 1950-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 1678-belgili buýrugynyň esasynda “Türkmennebit” birleşiginiň başlygynyň 16.10.1951-nji ýyldaky 622-belgili buýrugy bilen “Türkmennebitrazwedka” trestiniň garamagynda 2 (iki) sehden (Gumdag, Uzboý) ybarat Tamponaž kontorasy döredilipdir. 26.09.1975-nji ýylda Tamponaž kontora özygtyýarly “Türkmennebit” birleşiginiň garamagyna berlipdir. 25.01.1988-nji ýylda Tamponaž kontorasy “Türkmennebit” birleşiginiň Tamponaž müdirligi bolupdyr we 1991-nji ýylda Balkanabat şäherindäki dolandyryş jaýyna göçürlipdir. 12.06.2006-njy ýylda 104-belgili buýruk esasynda Tamponaž müdirligi Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligi diýlip atlandyrylypdyr. “Türkmennebit” DK-niň başlygynyň 31.07.2017-nji ýyldaky 179/Ö-belgili buýrugy esasynda Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligi 2017-nji ýylyň 1-nji noýabryndan “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň garamagyna berildi.
Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň teswirnamasynda göz öňünde tutulan maksatlara laýyklykda ýöriteleşdirilen hojalyk hasaplaşygyndaky müdirlik bolup, işi üznüksiz, önümçilik bilen baglydyr. “Ýerine ýetiriji” bolup “Buýryjylaryň” “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň we “Nebitgazçykaryş” trestiniň müdirlikleriň meýilnamasynyň çäklerinde häzirki wagtda Goturdepe, Demirgazyk Goturdepe, Günbatar Goturdepe, Barsagelmez, Uzynada, Nebitdag, Gumdag, Guýjyk, Gögerendag, Ördekli, Ekizak, Altyguýy, Körpeje, Günorta Gamyşlyja, Nebitlije, Ekerem, Keýmir, Kemer, Akpatlawuk, Adamguduk, Çekişler, Ahal welaýatynyň Ýylakly, Mydar we Lebap welaýatynyň Ýaşyldepe ýaly nebitgaz ýataklarynyň guýularynda müdirligimiziň garamagyndaky Ekerem, Körpeje, Guýjyk, Goturdepe, Barsagelmez berkitmek sehleri we Hytaý Halk Respublikasynyň önümi bolan ýokary elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan “Berkarar” we “Galkynyş” sementleýji toplumlar arkaly sementlemek işlerini ýerine ýetirýär.
Müdirlikleriň önümçilik meýdanlarynda ugrukdyryjylaryň, konduktorlarynyň, aralyk (tehniki), “tirkeme” we ulanyş sütünleriniň sementleme işlerini, guýulary burawlamakda we abatlaýyş işlerinde, sement köpürlerini we nebit wannalaryny goýulmagyny, göýberilen we sement bilen berkidilen sütünleriniň basyş astynda jebislige synag edilmeginde, gatlak sorulmanyň garşysyna ulanylýan garyndylarynyň gatlaga göýberilmegini howa kowujy kompressorlary bilen gatlaklary synag etmek we özleşdirmek, semendi ýüklemegi we daşamagy, semendiň suwuklysynyň barlaglaryny laborator analizlerini etmekde işlerini amala aşyrýar.
Mundan başga-da müdirligimiziň alyp barýan guýulary sementleme we düýpli abatlama işlerinde AS-500 we UN-70/1050, UN-1050 görnüşli ýokary basyşda işleýän ýörite awtoulaglar bolup olar guýulary ýuwmak, sütün turbalary, manifold turbalary basmak, şeýle-de nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmek, guýulary kislota bilen arassalamak, sementleme işleri geçirilen wagtynda sement erginini sütün turbalarynyň daşyna gerek beýikligine itekleýji suwuklyk bilen kowup galdyrmak, şeýle hem beýleki nebit-gaz çykaryjy we düýpli abatlayş işlerinde ulanylýar. Ýokarda görkezilen ýörite awtoulaglar esasy parametrlary - maksemal kowujylygy we naosyň maksemal basyş aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar.
Salgysy: Balkanabat şäheri, Senagat zolagy, Baş poçta a/ ý– 90
Kabulhana: 6-45-59