"Nebitgazburawlaýyş" tresti
"Nebitgazburawlaýyş" tresti, “Türkmennebit” döwlet konserniniň 2017-nji ýylyň iýul aýynyň 31-ne çykaran 179/ö belgili buýrugyna laýyklykda döredilip, Türkmenistanyň çäklerinde nebitiň, tebigy gazyň, gaz kondensadynyň ätiýaçlyk gorlaryny artdyrmak hem-de tebigy gaz almak we nebit çykarmak maksady bilen guýulary burawlamak, bentoniti çykarmak we işläp taýýarlamak işleri bilen bagly hyzmatlary amala aşyrýar. Trestiň esasy önümçilik ugry bolan, ýagny nebitgaz guýylaryny burawlamak işleri bolmak bilen, trest boýunça jemi 4 sany
- Nebitdag buraw işleri müdirligi
- Goturdepe buraw işleri müdirligi
- Körpeje buraw işleri müdirligi
- Ekerem buraw işleri müdirligi
"Türkmennebit" DK-ni boýunça burawlamak işleri alynyp barylýar.
Alynyp barylýan esasy önümçilik ugurlarynyň daşynda «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň hyzmat ediji müdirlikleri:
- “Burnebitgazhyzmat” müdirligi
- Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligi
- Suw üpjinçilik müdirligi
- Balkanabat tilsimat ulaglar müdirligi
- Aragatnaşyk müdirligi
- Abatlaýyş sazlaýyş we elektrogurnama müdirligi
- Abatlaýyş mehaniki zawody
- Awtoulag we ýollary gurluşyk müdirligi
«Nebitgazburawlaýyş» tresti boýunça buraw işleri müdirliklerine gazuw işlerinde kömekçi hyzmat işlerini alyp barmak bilen bilelikde, “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli edara-kärhanalaryň hem nebit gaz çykarmakda alyp barýan işlerini ýerine ýetirýärler.
Trestiň esasy wezipeleri:
- çig nebiti gazyp almak;
- tebigy we ugurdaş gazy gazyp almak;
- çig nebiti we tebigy gazy gazyp almak bilen bagly beýleki hyzmatlar;
- nebiti, gazy we gaz kondensatyny çykarmak, taýýarlamak we sarp edijilere yerlemek;
- nebiti, tebigy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak boýunça Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek;
- nebitgaz ýataklaryny işläp geçmek, özleşdirmek we abadanlaşdyrmak;
- nebiti, tebigy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmagyň ulgamyny netijeli we yzygiderli ösdürmek boýunça ykdysady hem-de önümçilik-tehniki ösüşininiň şertlerini döretmek, has ýokary önümçilik-ykdysady netijeleri gazanmak, uglewodorod serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak;
- täze özleşdirilýän sebitlerde ýataklary ulanmak, önümçiligiň üpjünçilik ulgamyny ösdürmek, nebiti çykarmak, taýýarlamak we daşamak boýunça ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak we durmuşa geçirmek.
- maýa goýum maksatnamalaryny işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa geçirmek;
- Trestiň garamagyndaky kärhanalaryň we düzüm birlikleriniň maliýe yagdaýyny gowulandyrmak, girdejini (peýdany) artdyrmagy üpjün etmek we düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirmek.
Adres: 745100, Balkanabat şäheri, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 215-nji kw.
Telefon: +993(222)3-17-00
e-poçta: ngbt@turkmennebit.gov.tm