Bitarap diýarymyzda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-nji ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda önümçiligiň derejesini, düşewüntliligi ýokarlandyrmaga, önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirlen giň möçberli toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmekde “Türkmennebit” döwlet konseriniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Nebitdag buraw işleri müdirliginiň ussat burawlaýjy toparlary tarapyndan alnyp barylýan giň gerimli işler buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Türkmeniň milli lideri, Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge berýän uly üns-aladasy netijesinde müdirligiň maddy- önümçilik binýady pugtalandyrylyp, daşary ýurtlardan satyn alynýan, halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän kuwwatly buraw desgalary burawlaýjylara has çuň gatlara ynamly aralaşmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi müdirligiň öňünde goýulýan belent sepgitlerine ýetmek üçin aýlyk we ýyllyk meýilnamaly wagtyndan öň ýerine ýetirmekde uly ýardam berýär. Bu bolsa zeminiň jümmişinden alynýan senagat akymy bolan «gara altyn», we «mawy ýangyç» baýlyklarynyň çykarylyşynyň möçberiniň has-da artdyrylmagyna esasy şert bolup durýar. Täze, geljegi uly bolan uglewodorodly çig mal serişdelerini agtarmak, tapmak, ýokary hilli özleşdirip ulanyşa tabşyrmak we netijeli peýdalanmak meselelerine hem aýratyn uly üns berilýär. Bu tebigi baýlyklar Watanmyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlylygynyň möhüm şerti bolup durýar. Zemin jümmüşiniň has çuň gatlaklaryna aralaşmak tutanýerli zähmeti talap edýär. Muňa jogap edip, müdirligimiziň edermen zähmetsöýer burawlaýjylary welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän Uzynada, Guýjyk, Altyguý, Nebitdag, Barsagelmez, Goturdepe ýaly nebitgazly meýdançalarda egin-egne berip, ýadawsyz zähmet çekip gelýärler. Önümçilikde zähmet çekýän burawlaýjylarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, tehniki hopsuzlyk düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak, önümçiligiň öňdebarjylaryna mynasyp baha bermek we olary höweslendirmek maksady bilen müdirlikde netijeli işler ýola goýuldy.
Salgysy: Balkanabat şäheri, 8-nji mart köçesi, 149-njy ýaşaýyş jaý toplumy, 12-nji jaý
Kabulhana: 31-6-77