“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan, garamagyndaky nebit, gaz çykarýan müdirlikleriň enjamlaryna ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak, buraw işleri müdirlikleriň enjamlaryny ýokary hilli bejermek, şeýle hem özüne ygtyýar berlen işleriň çäginde eýeçiligiň görnüşine garamazdan gaýry edara kärhanalaryň, telekeçileriň, daşary ýurt firmalaryň we ilatyň islegnamalary esasynda sarp edýän harytlaryny öndürmek we olara hyzmat etmek maksady bilen 1951-nji ýylda Abatlaýyş - mehaniki zawody döredildi we 31.07.2017-nji ýylda “Türkmennebit” DK-nyň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň garamagyna geçirildi.
Mundan başga-da “Türkmennebit” DK-nyň nebit-gaz çykaryjy kärhanalary üçin dürli görnüşli stanok-kaçalkalar, olaryň reduktorlary, dürli ölçegli çuňlukdaky nasoslar, merkezdan daşlaşýan güýçli nasoslar, nebit we gaz guýular üçin ýokary basyşda işleýän baglaýjylar (zadwižkalar) düýpli abatlanylýar.
Nasoslaryň işçi tigirleri, ştangaly aýlaýjy enjamlar, gaty garyndylardan arassalaýjy gurluşlar, dürli görnüşli nebit gyzdyryjy peçler, nebiti ugurdaş gaşdan saýlamak üçin ýasalýar, seperatorlar öndürilýär. Ştangalara merkezleşdiriji-gazawylar oturdylýar.
Abatlaýyş - mehaniki zawodynyň durmuşa geçirilen işleri “Türkmennebit” DK-nyň esasy nebit-gaz we burawlaýjy karhanalaryna ykdysady nukdaýnazardan hem öz täsirini ýetirýär.
“Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Abatlaýyş - mehaniki zawody 1951-nji ýyldan bäri işläp gelip, häzir hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”-ynda görkezilenlerden ugur alyp, zawodyň önümçiligini mundan beýläk ösdürmek, onuň depginini ýokarlandyrmak, tygşytly hem-de netijeli peýdalanyp yzygiderli zähmet çekmeklige şert döretmek maksady bilen, öz üstüne ýüklenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmeklikde zawodyň önümçiligini diňe bir konserniň garamagyndaky ýa-da gaýry edara kärhanalara we daşary ýurt firmalaryna hyzmat etmek işleri bilen çäklenmän, eýsem gelejekde özüne ygtyýar berlen işleriň çäginde eýeçiligiň görnüşine garamazdan ilatyň islegnamalary esasynda sarp edýän harytlaryny öndürmek we olara hyzmat etmek wezipesiniň durmuşa geçirilmegini maksat edinýär.
Salgysy: Balkanabat şäheri, Beýik Ýüpek Ýoly köçesi, 136 „A“ ýaşaýyş jaý toplumy
Kabulhana: +993 222 31-5-45 e-mail: ngbt.amz@sanly.tm