Balkanabat tilsimat ulaglary müdirligi
Balkanabat tilsimat ulaglary müdirligi (BTUM) (öň Nebitdag tehnologiki ulag dolandyryş edarasy) 1975-nji ýylyň oktýabr aýynyň 1-den bäri işleýär. BTUM Nebitdag buraw işler dolandyryş edarasynyň Awtoulaglar kärhanasynyň binýadynda döredilen. Balkanabat tilsimat ulaglary müdirligi 2017-nji ýylyň noýabr aýynyň 1-den “Türkmennebit” Döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň düzümine girýär. Müdirligiň esasy işi nebit we gaz çykaryjy, burawlaýyş we beýleki önümçilik kärhanalary üçin gerekli ýükleri daşamak, wahta işgärlerini iş ýerlerine alyp barmak we alyp gaýtmak hem-de beýleki awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Mundan başgada müdirligimiziň girdejili işlemegini gazanmak bilen gaýry edara – kärhanalara awtoulag hyzmatlary ýerine ýetirilýär.
Balkanabat tilsimat ulaglary müdirliginiň düzümi:
1. Ýolbaşçy dolandyryş diwany;
2. Bäş sany ulaghana;
3. Ýag ýangyç bekedi;
4. Abatlaýyş mehaniki ussahana;
5. Bag-bakja kömekçi hojalygy;
6. “Gara altyn” çagalary sagaldyş we dynç alyş merkezden ybaratdyr.
№1 ulaghana ýolagçy awtobuslardan ybarat bolup, Balkanabat şäherinde ýerleşýär we öz düzüminde 62 sany ýolagçy awtobus birliklerini saklaýar we şol sanda 1 sany ýörite UAZ-39623 awtoulag birliklerini saklaýar;
№2 ulaghana Balkanabat şäherinde ýerleşýär we ýük awtoulaglaryndan ýörite awtoulaglardan we ýeňil awtoulaglardan ybarat bolup: 53 sany ýük we dürli görnüşlerdäki awtoulag, 40sany ýeňil awtoulagy, 1sany gidro galdyryjy, 10 sany ýangyn söndürüji awtoulag birliklerini saklaýar;
№3 ulaghana Balkanabat şäherinde ýerleşýär we 37 sany awtoulaglardan ybarat bolup: 34 ýük awtoulaglary, 1 sany ýörite (manipulýator), 1 sany ýükleýji awtokrany we 1 sany ýöriteleşdirilen çarşakly ýükleýji birliklerini saklaýar.
№4 ulaghana Balkanabat şäherinde ýerleşýär we ol öz düzüminde 43 sany ýolagçy awtobuslaryny saklaýar.
№5 ulaghana Balkanabat şäherinde ýerleşýär we 19 sany ýük awtoulagyny hem-de 13 sany ýük galdyryjy, 1 sany ýörite ussahana awtoulag (PARM) we 1 sany ýörite (manipulýator), birliklerini saklaýar.
Ýük çekiji awtoulaglaryň ortaça ýük göterijiligi 2022-nji ýylyň dowamynda ortaça 22.85 tonna boldy.
2022-nji ýylyň dowamynda hojalyga 8 sany awtoulag birlikleri hasaba alyndy. Hasapdan çykarlany we 3 gaýry kärhanalara berleni jemi 15 sany. Tehniki ýagdaýy boýunça 13 awtoulag birligi ulanyş möhletini gutaranlygy sebäpli kesilip hasapdan öçürildi.
Ýerli Häkimligiň görkezmesi bilen ýük maşynlary we ýolagçy awtobuslary möwsimleýin oba hojalyk işlerinde, Döwlet derejisinde geçirilýän çärelere ulanylýandygy sebäpli, 2007-nji ýyldan ýük awtoulaglarynyň esasy göwrümi wagt hasabyna geçirildi.
Adres: 745100, Balkanabat şäheri, Beýik ýüpek ýoly
Telefon: +993 (222) 31-4-70
E-mail: ngbt.btum@sanly.tm