Aragatnaşyk müdirligi
"Türkmennebit" döwlet konserniniň Aragatnaşyk müdirliginiň döredilişi barada:
Ýyllaryň geçmegi dowamynda onuň ady birmäçe gezek üýtgedilen."Türkmennebit" birleşiginiň Aragatnaşyk kantorasy (Контора связи объединения «Турĸиеннефть"») 1949-піу ýylyň 10-піу ýanwarynda Nebitdag şäherinde döredildi. Häzirki döwüre çenli «Turkmennebit" döwlet konserniniň Aragatnaşyk müdirligi diyip atlandyrylyar:
11.01.1993-nji ýylda - "Türkmennebit" birleşiginiň Aragatnaşyk kantorasy.
"Türkmennebit" birleşiginiň Aragatnaşyk dolandyryş edarasyna üýtgedilen
11.09.1993-nji ýylda - "Türkmennebit" birleşiginiň Aragatnaşyk dolandyryş edarasy.
"Balkannebithimprom" Aragatnaşyk dolandyryş edarasyna üytgedilen.
23.06.1996-njy ýylda - "Balkannebithimprom" Aragatnaşyk dolandyryş edarasy
"Türkmennebit" Döwlet konserniniň Aragatnaşyk dolandyryş edarasyna üýtgedilen
02.01.2006-njy ýylda - "Türkmennebit" Döwlet konserniniň Aragatnaşyk dolandyryş edarasy,
"Türkmennebit" Döwlet konserniniň Aragatnaşyk müdirligine üytgedilen
"Türkmennebit" Döwlet konserninin Aragatnaşyk müdirliginiň esasy gurluşy şu bölümden ybarat:
1.ŞTASU - Şäherara telefon aragatnaşygynyň stansiýa uçastogy - Balkanabat şäheri
2.Dolandyryş diwany - ş.Balkanabat
3.1-LTS - 1-nji Liniýa tilsimat sehi - ş.Balkanabat
4. 2-RTS - 2-nii Radiotelefon sehi - ş.Uzboý,Barsa,Burun
5. 3-RTS - 3-nji Radiotelefon sehi - ş.Gumdag, Guýjuk, Ýylakly,Mydar
6. 4-RTS - 4-nji Radiotelefon sehi - p.Goturdepe, Wostok,KS
7. 5-LTS - 5-nji Liniýa tilsimat sehi - ş.Balkanabat,p.Belek,ş.Türkmenbaşy
8. 6-RTS - 6-niy Radiotelefon sehi - p.Ekerem,Priçal,Gamyşlyja
9. 7-RTS - 7-nii Radiotelefon sehi - ş.Hazar,p.Gökbaýyr
10. 8-RS - 8-nji Radio sehi - ş.Balkanabat
11. 9-RS - 9-niy Radio sehi - p.Körpeje, Bugdaýly
12. ITS - Informasion tilsimat sehi - ş.Balkanabat
13. ÖL - Ulanyş tehniki laboratoriýasy - ş.Balkanabat
14.TAL - Telefon aragatnaşyk laboratoriýasy - ş.Balkanabat
15. UU - Ulaglar uçastogy - ş.Balkanabat
16. GU - Gurluşyk uçastogy - ş.Balkanabat
17. GAG - Gysag aragatnaşyk gullugy - ş.Balkanabat
18.ST we MHG - Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy gullugy - ş.Balkanabat
ITS - Informasion tilsimat sehi 2012-nji ýylyň 1-nji awgustyndan - "Türkmennebit" Döwlet konserniniň 30.07.2012ý. T-4-12\139 belgili haty esasynda edara kärhanalarynda "Awtoulaglaryň awtomatlaşdyrylan gözegçilik we dispetçirleme ulgamyny (JPS-barlagy) ýola goýmak maksady bilen, awtoulaglara goýuljak enjamlara hyzmat etmek we abatlaýyş işlerini geçirmek, şeyle hem şol enjamlary awtoulaglarda gurnamak we sazlamak işlerini alyp barmak üçin müdirligiň düzümine girizildi.
GAG - Gysag aragatnaşyk gullugy 2016-njy ýylyň 01-nji ýanwaryndan "TN"DK 20.11.2015ý.N.T4-12/11490 belgili haty esasynda nebit känlerine çenli gurnalyp başlan optiki süym kabeli, aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylyp başlanmagy bilen, olaryň işleyşine gije-gündiziň dowamynda gözegçilik etmek, şeyle-hem tehnologik aragatnaşygyny üpjün etmekde aragatnaşyk enjamlary öçen ýagdaýynda ony işletmek üçin müdirligiň düzümine girizildi.
ST we MHG - Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy gullugy 2021-nji yylyn 01-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyn 3-nji aprelinde çykaran 135-nji belgili karary bilen tassyklanylan "Türkmenistanyň maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak" hakynda Düzgünnamanyň talaplaryny ýerine yetirmek üçin, kiberhowplara garşy göreşmek işlerini utgaşykly gurnamak we maglumat alyşylmagyny ýola goymak üçin müdirligiň düzümine girizildi.
Adres: 745100, Türkmenistan, Balkan welayaty, Balkanabat şäheri, Beyik ýüpek ýoly köçesi.
Phone / Fax:
E-mail: ngbt.aragatnasyk@sanly.tm