Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Burnebitgazhyzmat» müdirligi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň dekabr aýynyň 15-ne çykaran "Türkmennebit" döwlet konserniniň meseleleri hakyndaky №7657 belgili karary hem-de "Türkmennebit" döwlet konserniň 2005-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-ndäki "Türkmennebit" döwlet konserniniň gurluş düzümini kämilleşdirmek hakyndaky No 559 belgili buýrugy esasynda "Burnebitgaz" trestiniň we onuň gurluş birlikleri bolan Merkezi turba bazasy, Bejeriş gurluşyk kärhanasy, Burawlaýyş ulaglar dolandyryş edarasy ýatyrylyp, 2006-niy ýylyň mart aýynyň 01-den "Burnebitgazhyzmat" müdirligi döredildi. "Türkmennebit" döwlet konserniniň 2017-nji jylyn sentýabr aýynyň 29-ndaky №214/ö belgili  «Türkmennebit" döwlet konserniniň 2017-nji ýylyň iyul aýynyň 31-ndäki №179/ö belgili "Türkmennebit" döwlet konserniniň gurluş düzümini kämilleşdirmek hakyndaky" buýrugyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda" buýrugy esasynda 2017-nji ýylyň noýabr aýynyň 01- den "Burnebitgazhyzmat" müdirligi "Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň garamagyna geçirildi. Häzirki wagtda müdirligiň düzüminde-Turba sehi, Tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezi, Merkezi arhiw, Umumy ýaşaýyş jaý, Awtoulag sehi, Bentonit sehi hereket edýär.

Turba sehi - „Türkmennebit* döwlet konserniniň müdirliklerini düzümbirliklerini we beýleki kärhanalaryny buraw we obsad turbalary bilen üpjün etmek, olary düşürmek, saklamak, ýüklemek, ulanmaga taýýarlamagy we abatlamagy guramak, tehniki synag hem-de gözegçilik etmek ýaly işleri amala aşyrýar. 

Tehniki wagyz ediş we durmus maksatly hyzmatlar merkezi - Türkmenistan boýunça we Halkara derejesinde geçirilýän dürli mazmundaky sergilerin taýýarlyk işlerini amala aşyrýar (wideoşekiller, tekstler, maglumatlar, maketler we ş.m.). "Türkmennebit" döwlet konserniniň kärhanalarynyň işi boýunça yzygiderli makalalary, suratlary we wideoşekilleri taýýarlaýar. Türkmenistanyň alyp barýan içerki we daşarky syýasatyna degişli medeni köpçülik çärelerini gurnap durýar. Hasapçynyň hasaplama we hasabat işlerini ýerine ýetiriş gullugy "Türkmennebit" döwlet konserniniň kärhanalary üçin zähmet haklaryny we materiallary hasaplamak, esasy serişdeleri jemlemek we awtoulaglaryň geçen yollarynyň sagat hasabyny çykarmak ýaly işleri amala aşyrýar. 

Merkezi arhiw- iş dolandyryş tarapyndan tamamlanan resminamalaryň Döwlet arhiwine berilmegine çenli abat saklanylmagyny, hasaba alynmagyny we peýdalanylmagyny üpjün edyär. Zähmet çakýänlerden arzalary kabul etmek, aýlyk haklary barada 5-10 ýyllary aý boýunça resminamalary zähmet çekýäniň hemme iş stabyny tassyklamak, ýeňillikli iş stažyny buýruk kitaplar, aýlyk hakyndaky wedomostlary, kartoçkalar we ş.m.boýunça tassyklamak ýaly işler amala aşyrylýar.

Umumy ýaşaýyş jaýy- iş saparyna iberilen işgärlere, edara kärhanalarda zähmet çekyän masgalasyz işgärlere we gullukçylara hyzmat edyär. Umumy yasaýyş jaýynda ýaşaýan adamlaryň içki tertip düzgüni berk berjaý etmeklerine yzygiderli gözegçilik edilyär.

Awtoulag sehi- "Ýerine ýetiriji" bolup "Buýryjylaryň" "Türkmennebit" döwlet konserniniň edara- kärhanalarynyň we müdirlikleriniň buraw işleri üçin ulag hyzmatlaryny hem-de yörite tehnikalar bilen bagly hyzmatlary ýerine ýetiryär.

Bentonit sehi- "Burnebitgazhyzmat" müdirliginiň Bentonit sehi, bentonit toýuny gazyp alyp ony işläp bentonit ürgünini öndüryär. "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň "Burnebitgazhyzmat" müdirliginiň Bentonit sehi "B5" görnüşli ýokary hilli bentonit ürgünini öndüryär. Häzirki wagtda Bentonit sehinde bir ýylyň dowamynda ortaça 7300 tonna bentonit ürgünini öndürmeklige mümkinçiligi bar. "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň "Burnebitgazhyzmat" müdirliginiň Bentonit sehiniň öndüryän bentonit ürgüni esasy "Türkmennebit" döwlet konserniniň edara-kärhanalaryna, hususy kärhanalara we telekeçilere ýerlenýär.

Salgysy: Balkanabat şäheri, Uzboý ýolunyň 2-nji kilometri
Kabulhana: 6-36-97