“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş" trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirligi “Türkmennebit” döwlet konserniniň 2020-nji ýylyň 31-nji martyndan №44ö belgili buýrugy esasynda döredildi.
Müdirligiň gurluş düzümi 8 (sekiz) sany sehlerden ybarat bolup, onuň esasy wezipesi “Türkmennebit” döwlet konserniniň we beýleki ýuridiki, fiziki taraplaryň elektroenjamlaryny, aragatnaşygyň elektrik geçirijilerini, durmuş we önümçilik tehnikalaryny, awtomatiki, barlag-ölçeg gurallaryny, burawlaýyş enjamlaryny, awtoulag tehnikalaryny düýpli abatlamaklygy, synagdan geçirmekligi ýola goýmak baradaky isleglerini kanagatlandyrmak, has çylşyrymly elektrokuwwatlykly ulgamlara hyzmat etmek hem-de enjamlar we gurallar bilen üpjün etmek, elektrogurnama işlerini gaýrygoýulmasyz ýerine ýetirmek, awtoulag serişdelerini we ölçeg enjamlaryny wagtlaýyn kärendä bermek bolup durýar.
Salgysy: Balkanabat şäheri, Beýik Ýüpek Ýoly köçesi, 204-nji ýaşaýyş jaý toplumy.
Kabulhana: 7-06-95