Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
“Nebitçi II” bilen “Köpetdag II”-niň arasyndaky duşuşyk golsyz geçdi
05.06.2025

Türkmenistanyň ýaşlar futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň duşuşygynda “Nebitçi II” bilen “Köpetdag II” 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.

Duşuşykdan soň “Nebitçi II” 20 utuk bilen 4-nji ýerde ýerleşýär. “Köpetdag II” bolsa 15 utuk bilen 6-njy basgançakda ýerleşýär.

Oýun “Sport toplumy” stadionynda geçirildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Futbol federasiýasy