Aşgabatda futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar birinjiliginiň 17-nji tapgyrynyň senesi üýtgedilen duşuşygy geçirildi. Onda «Ahal II» «Merw II» toparyndan ynamly üstün çykdy. Oýun 7:0 hasap bilen tamamlandy.
«Ahal II» toparynyň düzüminde Nurtagan Saryýew (9-njy minut), Gurbangeldi Kanaýew (17-nji minut) hem-de Muhammetaly Nasyrow (19-njy minut) tapawutlandy. 45-nji we 58-nji minutlarda Meýlis Gaýlyýew iki gol geçirdi, Azatmuhammet Hajyýew bolsa iki gezek — 73-nji we 76-njy minutlarda tapawutlandy.
«Merw II» toparynyň iki oýunçysy duýduryş aldy: Eziz Amanow (45+1-nji minut) we Daýanç Öwezow (80-nji minut).







