GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Ýokary ligasynda «Ahalyň» hüjümçisi Gowşudow iň netijeli oýunçylaryň bäşligine girdi
18.09.2026

«Ahal» futbol toparynyň hüjümçisi Ýakupmuhammet Gowşudow Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 20-nji tapgyrynda «Nebitçi» toparyna garşy geçirilen duşuşykda iki pökgi geçirip, möwsümdäki hasabyny ýedi pökgä ýetirdi. Bu tapgyra çenli hüjümçiniň hasabynda bäş pökgi bardy.

Täze netije bilen Gowşudow çempionatyň iň netijeli oýunçylarynyň hataryna goşuldy. 20-nji tapgyrdan soň iň netijeli oýunçylaryň sanawy şeýledir: 22 pökgi bilen Didar Durdyýew, ikinji orny dokuz pökgiden geçiren Süleýman Mirzoýew bilen Arslan Saparow paýlaşýar. Olardan soň sekiz pökgiden geçiren Röwşengeldi Halmämmedow bilen Merdan Muhadow gelýär.