GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda ýaşlar birinjiliginiň 16-njy tapgyrynyň senesi üýtgedilen duşuşyklary geçirildi
24.09.2026

23-nji sentýabrda Aşgabatda we Gökdepe etrabynda Türkmenistanyň ýaşlaryň arasyndaky futbol boýunça birinjiliginiň 16-njy tapgyrynyň senesi üýtgedilen iki duşuşygy geçirildi. Duşuşyklaryň ikisi-de deňme-deň tamamlandy.

Aşgabatda «Köpetdag II» bilen «Altyn Asyr II» 3:3 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Meýdançanyň eýelerinden Baýrammyrat Baýramdurdyýew (38-nji minut) we Arslan Saparow (54-nji minut) tapawutlandylar, 90+4-nji minutda bolsa «Altyn Asyr II» toparynyň oýunçysy Abdyrahman Annamyradow topy öz derwezesine geçirdi. «Altyn Asyr II» toparyndan Söhbet Durdyýew (83-nji minut) we Weýisgeldi Orazdurdyýew (87-nji minut) tapawutlandylar. Söhbet Durdyýew 61-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan hem gol geçirdi. Duşuşygyň dowamynda «Köpetdag II» toparynyň futbolçysy Nyýazmyrat Kulýazow 81-nji minutda meýdandan çykaryldy.

Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde «Arkadag II» bilen «Ahal II» 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. «Arkadag II» toparyndan Süleýmannazar Gowşudow (18-nji minut, 11 metrlik jerime urgusyndan) we Eduard Sarkisýan (90-njy minut) tapawutlandylar. «Ahal II» toparyndan bolsa Enwer Annaýew (41-nji minut, 11 metrlik jerime urgusyndan) we Nurtagan Saryýew (55-nji minut) tapawutlandylar.