Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
"Nebitçi" FK-nyň esasy we ýaş toparlary "Köpetdag" FK bilen duşuşar
04.06.2025

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň we ýaşlar birinjiliginiň 13-nji tapgyrynyň süýşürilen duşuşyklary Balkanabat şäherinde geçiriler.

2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda (çarşenbe güni), sagat 16:00-da “Sport toplumy” stadionynda “Nebitçi II” bilen “Köpetdag II” ýaşlar toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bolar.

5-nji iýunda (penşenbe güni), sagat 18:30-da bolsa esasy toparlaryň – “Nebitçi” bilen “Köpetdagyň” arasyndaky duşuşyk geçiriler.

Çeşme: Türkmenistanyň Futbol federasiýasy