Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
“Altyn Asyr” öz meýdanynda “Şagadam” bilen deňme-deň oýnady
14.04.2025

12-nji aprelde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň çäginde bir duşuşyk geçirildi. Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Altyn Asyr” topary öz meýdanynda Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnap, toplan 10 utugy bilen ýaryş tertibinde eýeleýän ikinji ornunda galdy.

Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Ahal” toparynyň 12 utuk toplandygyny ýatladýarys. 8 utugy bolan “Şagadam” topary 3-nji orna geçdi.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň jemleýji oýun günündem 12-nji aprelde “Köpetdag” hem-de “Nebitçi” toparlary güýç synanyşarlar. Bu tapgyryň çäginde “Arkadag” bilen “Aşgabat” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň möhleti başga senä süýşürildi.

 

6-njy tapgyryň duşuşygy:

“Altyn Asyr” – “Şagadam” – 1:1

Gollar: 90+1 Selim Nurmyradow (“Altyn Asyr”) – 45 Yhlas Magtymow (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 12 Selim Nurmyradow, 87 Myrat Annaýew (“Altyn Asyr”) – 8 Mekan Aşyrow, 26 Nyýazmyrat Kulýazow, 29 Ruslan Priýew, 46 Süleýman Mirzoýew (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” (Aşgabat ş. Büzmeýin etr. )

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: A.Hajypolatow (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.)