Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
“Ahal” hem-de “Nebitçi” toparlarynyň duşuşygy bilen futbol boýunça ýurdumyzyň çempionatyna badalga berler
04.03.2025

4-nji martda “Ahal” hem-de “Nebitçi” toparlarynyň duşuşygy bilen futbol boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň nobatdakysyna badalga berler.

Ýeri gelende bellesek, dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisi (“Arkadag”, “Ahal”, “Altyn Asyr”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş eder.

Futbol çempionatymyzyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 2025-nji ýylyň 4-nji marty bilen 22-nji iýuny aralygynda dowam eder. Üçünji we dördünji aýlawyň duşuşyklary futbol çempionatynyň ikinji ýarymynda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, geçen möwsüm “Arkadag” toparynyň çempionlygy bilen tamamlanypdy. “Ahal” topary ikinji, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary  bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Çeşme: Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy