Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2025: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler
03.03.2025

4-njy martda “Ahal” hem-de “Nebitçi” toparlarynyň duşuşygy bilen futbol boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň nobatdakysyna badalga berler.

Ýeri gelende bellesek, dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisi (“Arkadag”, “Ahal”, “Altyn Asyr”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş eder.

Futbol çempionatymyzyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 2025-nji ýylyň 4-nji marty bilen 22-nji iýuny aralygynda dowam eder. Üçünji we dördünji aýlawyň duşuşyklary futbol çempionatynyň ikinji ýarymynda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, geçen möwsüm “Arkadag” toparynyň çempionlygy bilen tamamlanypdy. “Ahal” topary ikinji, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary  bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Möwsümiň öňüsyrasy futbol çempionatymyzda çykyş edýän toparlaryň düzümlerinde üýtgeşmeler bolup geçdi.

 

Futbol çempionatymyza gatnaşýan toparlaryň düzümlerinde bolup geçen üýtgeşmeler:

“Arkadag” futbol kluby

Gelen oýunçylar: Ahmet Ataýew (“Altyn Asyr”), Anton Maksimow (“Merw”), Ýazgylyç Gurbanow (“Ahal”), Döwletmyrat Annaýew (tälimçi), Ahmet Allaberdiýew (tälimçi).

Bellik: “Arkadag II” toparynyň düzümine ýaş futbolçylaryň goşulandygyny bellemek gerek.

 

“Ahal” futbol kluby

Gelen oýunçylar: Nazar Towakelow, Begmyrat Baýow (ikisi-de “Arkadag”), Kakageldi Berdiýew (“Arkadag”, kärendesine), Döwran Berdiýew (“Nebitçi”). 

Bellik: Şeýle-de, “Ahal II” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.

 

“Altyn Asyr” futbol kluby

Gelen oýunçy: Süleýman Muhadow (“Alaý”, Gyrgyz Respublikasy), Ali Haýdarow (“Merw”), Begli Nurmyradow (“Aşgabat” toparyndan kärendesinden dolandy).

Bellik: Şeýle-de, “Altyn Asyr II” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.

 

“Şagadam” futbol kluby

Gelen oýunçylar: Ilýa Tamurkin, Gurbanmyrat Garaýew (ikisi-de “Arkadag”), Aşyr Jumadurdyýew (“Nebitçi”), Şazada Bäşimow (“Merw”), Ruslan Priýew, Ýagşysähet Döwletgeldiýew (ikisi-de “Ahal”, kärendesine), Azizbek Bekçanow (“Ahal”), Niýazmyrat Kulýazow, Süleýman Mirzoýew (ikisi-de “Köpetdag”).

Bellik: Şeýle-de, “Şagadam II” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.

 

“Aşgabat” futbol kluby

Gelen oýunçylar: Şatlyk Gurbanow (“Şagadam”), Döwletýar Berdiýew (“Ahal”), Pirmyrat Sultanow.  

Bellik: Şeýle-de, “Aşgabat II” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.

 

“Merw” futbol kluby:

Gelen oýunçylar: Döwletmuhammet Jallatow (“Altyn Asyr”), Maksat Çagbalyýew (“Nebitçi”).

Bellik: Şeýle-de, “Merw II” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.

 

 “Nebitçi” futbol kluby

Gelen oýunçylar:  Hydyr Ýakubow, Begmyrat Arbatow (ikisi-de “Şagadam”), Myrat Amantaganow (“Köpetdag”), Batyr Babaýew (“Altyn Asyr”), Toýly Batyrow (“Ahal”) Aleksandr Klimenko (baş tälimçi).

Bellik: Şeýle-de, “Nebitçi II” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.

 

 “Köpetdag” futbol kluby

Gelen oýunçylar:  Şamuhammet Jumaýew, Myrat Dadaýew (ikisi-de “Şagadam”) Berdi Hotdyýew (baş tälimçi), Gahrymanberdi Çonkaýew (tälimçi).

Bellik: Şeýle-de, “Köpetdag II” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.

çeşme: http://tff.com.tm/