Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
TFF-niň gözegçi eminleriniň gatnaşmagynda okuw-maslahatyna badalga berildi
03.03.2025

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölümi nobatdaky möwsümiň öňüsyrasy TFF-niň edara binasynda ýurdumyzyň futbol çempionatynda hyzmat etjek TFF-niň gözegçi eminleriniň okuw maslahatyny geçirýär.

1-2-nji mart aralygynda dowam edýän okuw-maslahatynda futbol oýnunyň düzgünlerine girizilen üýtgeşmeleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny bellemek gerek. Okuw-maslahaty TFF-niň gözegçi eminleriniň 12-niň gatnaşmagynda geçirilýär. 

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölüminiň 2025-nji 24-28-nji mart aralygynda eminleriň gatnaşmagynda FIFA-nyň okuw-maslahatyny hem geçirmegi meýilleşdirýär. 

Ýeri gelende bellesek, dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisi (“Arkadag”, “Ahal”, “Altyn Asyr”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş eder.

Futbol çempionatymyzyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 2025-nji ýylyň 4-nji marty bilen 22-nji iýuny aralygynda dowam eder. Üçünji we dördünji aýlawyň duşuşyklary futbol çempionatynyň ikinji ýarymynda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, geçen möwsüm “Arkadag” toparynyň çempionlygy bilen tamamlanypdy. “Ahal” topary ikinji, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary  bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.

çeşme: https://tff.com.tm/