Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Kubok bäsleşiginiň çärýekfinal duşuşyklarynyň geçiriljek wagtlary belli boldy
01.03.2025

Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýekfinallarynyň geçiriljek wagtlary mälim boldy. 

Kubok bäsleşiginiň çärýekfinallarynyň ilkinji duşuşyklary şu ýylyň 23-24-nji maýynda, jogap oýunlary bolsa 17-18-nji iýunda oýnalar.

Ýurdumyzyň Kubok bäsleşiginiň nobatdaky möwsümine futbol çempionatymyzyň wekilleri “Arkadag”, “Ahal”, “Altyn Asyr”, “Şagadam”, “Aşgabat”, “Merw”, “Nebitçi” hem-de “Köpetdag” toparlarynyň gatnaşmagynda geçiriler. Çärýekfinalda duşuşjak toparlar bije çekişlik esasynda kesgitlener.

çeşme: https://tff.com.tm/