Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
"Nebitçi" türkmen futbolynyň taryhy ösüşinde uly orna eýe
28.02.2025

Türkmenistan döwletimizde sporty ösdürmek boýunça köpsanly tagallalar edilýär. Şolaryň netijesinde türkmen sportynyň at-abraýy has dabaralanýar. Sportyň futbol görnüşi boýunça ýetilen sepgitleri has-da ýokarlandyrmak üçin ýurdumyzda birnäçe futbol toparlary döredildi we ol toparlar türkmen futbolyny dabaralandyrmakda uly üstünlikleri gazanýarlar. Şolaryň biri hem "Nebitçi" futbol toparydyr. Balkanabatda ýerleşýän "Nebitçi" futbol topary 1960-njy ýylda döredilendir. Häzirki wagtda bu topar Türkmenistanyň Ýokary Ligasynda bäsleşige dowam edýär. Olar 10,000 orunlyk Balkanabat sport toplumynda oýunlaryny geçirýär.

2010-nji ýylda topar "Balkan" diýip atlandyrylyp başlandy. Topar Ýokary ligada dört gezek çempion boldy, ýagny, 2004-nji ýylda ilkinji gezek, 2010,2011,2012-nji ýyllarda bolsa bassyr 3 gezek çempion bolmagy başardy.

Topar mundan başga-da üç gezek, 2003, 2004 we 2010-njy ýyllarda Türkmenistanyň Kubogyny we iki gezek Naýbaşy kubogy eýelemegi başardy. Esasy üstünlikleriň biri bolsa, 2013-nji ýylda AFK Prezidentynyň kubogy ýaryşynda çempion adyna eýe boldy.

Toparda 2012-nji ýylda baş tälimçi wezipesinde öňler Fenerbahçe we Galatasaraýda goragçy bolan, dünýä belli hünärmen Semih Ýuwakuran hem işledi. Häzirki wagtda "Nebitçi" ady bilen öz çykyşyna dowam edýän topar Türkmenistanyň Ýokary Ligasynda geçen möwsümi 7-nji orunda tamamlady.

çeşme: https://tff.com.tm/