
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrunda geçirilen bäsleşigiň jemleýji, 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.
Kubok bäsleşiginiň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda ýeňiji bolan “Arkadag” topary “Aşgabady” 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Arkadag şäheriniň adybir toparynyň Kubok bäsleşiginde geçiren ähli duşuşygynda ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek. Wagtyndan öň ikinji orny eýelän “Ahal” topary soňky tapgyrda “Merw” bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Bu deňligi “Merw” toparyna Kubok bäsleşigini üçünji hatarda tamamlamagyna mümkinçilik berdi. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda “Şagadam” topary “Nebitçiden” (1:0) üstün çykdy.
Geçirilen duşuşyklaryň yzysüresi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki “Sport desga” stadionynda ýeňiji bolan toparlaryň sylaglanyş dabarasy bolup geçdi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilen sylag gowşurylyş dabarasynda Kubok bäsleşiginiň jemi boýunça ilkinji üç orny eýelän toparlara baýraklary TFF-niň başlygynyň ikinji orunbasary Nazar Çöliýew bilen TFF-niň Baş sekretary Serdar Geldiýew gowşurdylar.
TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşiginiň 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary:
“Şagadam” – “Nebitçi” – 1:0
Gol: 8 Baýram Ataýew (“Şagadam”)
Duýduryşlar: 8 Didar Tejenow, 79 Mekan Aşyrow, 90 Baýram Ataýew, 90+2 Selim Ataýew (“Şagadam”) – 23 Wezirgeldi Ylýasow, 29 Baýram Nurlyýew, 34 Abdymuhammet Begjanow, 90 Muhammet Annaýew, 90+2 Arslan Nazgylyjow (“Nebitçi”)
Meýdandan çykarylan: 12 Didar Tejenow, ikinji duýduryş (“Şagadam”)
Geçirilen ýeri: “Sport desga” (Ahal wel. Gökdepe etr. Babarap geňeşligi)
Duşuşygyň emini: A. Begnazarow (Mary ş.)
Kömekçi eminler: Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.), Ş.Ýusupow (Mary ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Goşşanow (Tejen ş.)
Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
“Merw” – “Ahal” – 1:1
Gollar: 82 Alibek Abdyrahmanow, öz derwezesine (“Merw”) – 38 Ybraýym Amangeldiýew (“Ahal”)
Duýduryşlar: 21 Myrat Öwezmyradow, 37 Nurmuhammet Tirkişow, 83 Abdyresul Abdyýew (“Merw”) – 15 Nurtagan Saryýew, 45 Begenç Mämiýew, 68 Daýanç Meredow, 89 Ybraýym Amangeldiýew (“Ahal”)
Meýdandan çykarylan: 90+5 Ybraýym Amangeldiýew (“Ahal”)
Geçirilen ýeri: “Sport desga” (Ahal wel. Gökdepe etr. Babarap geňeşligi)
Duşuşygyň emini: B.Atdyýew (Arkadag ş.)
Kömekçi eminler: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.), H.Amanmämmedow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: N.Garajaýew (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)
“Aşgabat” – “Arkadag” – 0:4
Gollar: 25 (11 m.j.u.), 35 Begenç Akmämmedow, 29 Şanazar Tirkişow, 90 Enwer Annaýew (“Arkadag”)
Duýduryşlar: 82 Nurulla Reimbaýew (“Aşgabat”) – 75 Şamämmet Hydyrow (“Arkadag”)
Geçirilen ýeri: “Sport desga” (Ahal wel. Gökdepe etr. Babarap geňeşligi)
Duşuşygyň emini: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.), A.Weliýew (Änew ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Begnazarow (Mary ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)