Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
“Ahal II” Türkmenistanyň ýaşlar birinjiligini baýrakly orunda tamamlady
12.02.2025

Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň nobatdaky möwsümi geçiriler. Geçen 2024-nji ýylda geçirilen futbol birinjiligi 4 aýlawdan ybarat bolup, jemi 128 duşuşyk geçirildi.

Geçen möwsüm täze döredilen ”Arkadag II” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. “Arkadag” toparynyň ýaşlar düzümi geçiren duşuşyklarynda 83 utuk toplamagy başardy. Toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda geçirilen çempionatyň jemi boýunça ikinji üçünji orunlary degişlilikde, “Ahal II” (69 utuk) hem-de “Altyn Asyr II” (57 utuk) toparlary eýelediler.

Çeşme: Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy