
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda möwsümiň öňüsyrasy geçirilýän eminleriň gatnaşmagyndaky okuw-maslahatynyň jemleri jemlenildi.
“Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen okuw-maslahatyna Türkmenistanyň futbol çempionatynyň hem-de Kubok bäsleşiginiň nobatdaky möwsüminde eminlik etjek eminlerimiziň 40-dan gowragynyň gatnaşandygyny bellemek gerek. Okuw-maslahatynyň instruktory hökmünde 2018-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda eminiň kömekçisi hökmünde birnäçe duşuşyga gatnaşan özbegistanly Jahangir Saidow çykyş eden bolsa, tejribeli hünärmene bu ugurda. TFF-niň instruktory Çarymyrat Gurbanow ýardam berdi.
Okuw-maslahatynda eminler futbol düzgünleri boýunça nazaryýet we usulyýet sapaklaryny geçdiler. Diňleýjiler onuň dowamynda oýun wagty bolýan jedelli pursatlary nazaryýet sapaklarynda seljerip, usulyýet sapaklarynda ýerine ýetirdiler. Geçilen sapaklar gatnaşyjylara meýdanda wagtlary eminiň alyp barýan işleriniň aýratynlyklaryna çuňňur düşünmäge mümkinçilik berdi.
Maslahatyň esasy maksady eminleriň kwalifikasiýalaryny artdyryp, olaryň işlerini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Geçilen sapaklar eminleriň milli hem-de halkara ýaryşlaryndaky işlerini hil taýdan ýokarlandyrmakda wajyp ädime öwrüldi. TFF-niň eminler bölüminiň ýaş eminleri ýetişdirmäge, golaý geljekde olaryň milli çempionatymyzda we halkara ýaryşlarynda üstünlikli eminlik etmegini gazanmagyny esasy ugur edinýändigini aýratyn bellemek gerek.
Okuw-maslahatynyň soňunda diňleýjiler ýörite guralan synaglary tabşyrdylar.
“Aşgabat” köpugurly stadionynyň konferens zalynda geçirilen ýapylyş dabarasynda çykyş eden Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Serdar Geldiýew geçirilen okuw-maslahatynyň türkmen eminleriniň milli ýaryşlarymyz bilen birlikde halkara ýaryşlaryndaky çykyşyna oňyn netije berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de, ol gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy