GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda «Al-Ansary» ýeňlişe sezewar etdi
24.10.2026

Türkmenistanyň «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji tapgyrynda Liwanyň «Al-Ansar» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşyk liwanly topar üçin toparçalaýyn tapgyrda ilkinji ýeňliş boldy.

Duşuşyk Thimphudaky «Çanglimithang» stadionynda geçirildi. Ýeňiji toparyň düzüminde Begenç Mämiýew (45-nji minutda) we Ýakupmuhammet Gowşudow (77-nji minutda) tapawutlandylar. «Al-Ansaryň» ýeke-täk topuny Majed Osman (63-nji minutda) geçirdi.

Ozal «Ahal» Butanyň «Paro» topary bilen deňme-deň oýnapdy (2:2), ikinji tapgyrda bolsa Siriýanyň «Al-Ittihad» toparyna ýeňlipdi (1:5). Üç duşuşykdan soň dört utuk toplan türkmen futbol topary «A» toparynda ikinji orny eýeleýär. «Al-Ansar» alty utuk bilen birinji orunda barýar.