GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aşgabatda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň we ýaşlar birinjiliginiň 24-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
26.10.2026

24-nji oktýabrda Aşgabatda Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň birinjiliginiň 24-nji tapgyrynyň oýunlary boldy. «Aşgabat» «Nebitçini» 2:0 hasabynda ýeňdi, «Şagadam» «Köpetdag» toparyny 2:1 hasabynda utdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

«Aşgabat» — «Nebitçi» duşuşygy «Nusaý» stadionynda geçirildi. Iki topy hem «Aşgabadyň» oýunçysy Merdan Muhadow geçirdi: ol 53-nji minutda tapawutlandy, 60-njy minutda bolsa 11 metrlik jerime urgusyny netijeli ýerine ýetirdi. «Nebitçiniň» dört futbolçysy duýduryş aldylar: Daýanç Nuryýew (30-njy minut), Akmämmet Metdäýew (33-nji minut), Orazdurdy Şämiýew (42-nji minut) we Wezirgeldi Ylýasow (45-nji minut).

«Köpetdag» — «Şagadam» oýny «Aşgabat» stadionynda boldy. «Şagadamyň» oýunçysy Serdar Gulyýew 67-nji we 81-nji minutlarda iki gezek tapawutlandy. «Köpetdag» toparynyň ýeke-täk topuny 76-njy minutda Serdar Baýramow geçirdi. «Köpetdagyň» düzüminden Serdar Baýramow (19-njy minut), Serdar Annaorazow (62-nji minut), Musaguly Zorjykow (77-nji minut) we Emir Berdiýew (84-nji minut) duýduryş aldylar. «Şagadam» toparynyň düzüminden bolsa Azizbek Bekjanow (32-nji minut), Hydyrgeldi Atjanow (53-nji minut) we Serdar Gulyýew (90-njy minut) duýduryş aldylar.

Mundan başga-da, 23-nji oktýabrda «Aşgabat» stadionynda Ýokary liganyň toparlarynyň ýaşlar (dublýor) düzümleriniň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň birinjiliginiň 24-nji tapgyrynyň çäklerinde «Köpetdag II» «Şagadam II» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýeke-täk topy 71-nji minutda Ahmet Saparlyýew geçirdi. «Köpetdag II» toparynyň düzüminden Ýunus Annasähedow (36-njy minut) duýduryş aldy.

Ýaşlar düzümleriniň başga bir duşuşygynda «Nebitçi II» «Aşgabat II» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Gollar Hydyr Agöýliýewiň (54-nji minut) we Rüstem Abaýewiň (75-nji minut) hasabyna ýazyldy. «Nebitçi II» toparynyň oýunçysy Muhammetberdi Berenow 63-nji minutda duýduryş aldy.