GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň futbol boýunça U-15 birinjiliginiň ilkinji ýeňijileri kesgitlendi
27.10.2026

Ýokary liganyň futbol toparlarynyň ýanyndaky U-15 ýaş toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň ilkinji ýeňijileri kesgitlendi. Şu ýyl Türkmenistanyň Futbol federasiýasy (TFF) tarapyndan ilkinji gezek guralan ýaryş öz jemini jemledi.

Ýaryşyň netijelerine görä, baýrakly orunlara aşakdaky toparlar eýe boldy:

1-nji orun — «Altyn Asyr» futbol topary U-15;
2-nji orun — «Arkadag» futbol topary U-15;
3-nji orun — «Ahal» futbol topary U-15.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy birinjiligiň ýeňijilerini we baýrakly orunlara mynasyp bolan toparlary gutlady.