Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň ýanyndaky ýaşlar düzümleriniň (dublýorlar) arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 18-nji tapgyrynyň senesi üýtgedilen «Ahal II»-«Altyn Asyr II» duşuşygy 1:1 hasabynda deňlik bilen tamamlandy. Duşuşyk 27-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» stadionynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, ilkinji topy ikinji minutda «Altyn Asyr II» toparynyň oýunçysy Ýakupberdi Baýramgeldiýew geçirdi. 14-nji minutda hasaby «Ahal II» toparynyň oýunçysy Nurtagan Saryýew deňledi.
Oýnuň dowamynda eminler bäş sany duýduryş berdiler. Duýduryş «Altyn Asyr II» toparynyň oýunçylary Mäti Hojaberdiýewe (42-nji minut), Geldimyrat Çolukowa (50-nji), Azym Hallyýewe (82-nji) we Abdyrahman Annamyradowa (90+2-nji), şeýle hem «Ahal II» toparynyň oýunçysy Medetgeldi Çaryýewe (44-nji minut) berildi.







