GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýokary liganyň hem-de ýaşlar düzümleriniň futbol boýunça birinjiliginiň 25-nji tapgyrynyň netijeleri
02.11.2026

Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça birinjiliginiň 25-nji tapgyrynda «Köpetdag» «Nebitçini» 2:1 hasabynda ýeňdi, «Aşgabat» «Merwi» utdy (1:0), «Ahal» bolsa «Altyn Asyry» 2:0 hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

«Nebitçi» — «Köpetdag» duşuşygy 31-nji oktýabrda Balkanabat şäherinde boldy. 36-njy minutda Arslan Saparow («Köpetdag») hasaby açdy, 39-njy minutda Baýramgeldi Nurlyýew «Nebitçiniň» adyndan gol geçirdi, 45-nji minutda bolsa meýdançanyň eýeleriniň derwezesine ikinji topy Pälwan Annaýew («Köpetdag») geçirdi. Duýduryşlary Daýanç Nuryýew («Nebitçi»), şeýle hem Batyr Aşyrow, Ylham Çaryýew we Ýunus Annasähedow («Köpetdag») aldylar.

«Altyn Asyr» we «Ahal» toparlarynyň arasyndaky duşuşykda 79-njy minutda Bäşim Gurbanberdiýew, 83-nji minutda Süleýman Mirzoýew tapawutlandylar. Olaryň ikisi hem «Ahal» toparynyň oýunçylarydyr. «Altyn Asyr» toparynyň düzüminde Begençmyrat Myradow, Hoşgeldi Hojowow we Abdrahman Annamyradow, «Ahalyň» düzüminde bolsa Magtymberdi Berenow, Ýolmammet Garajaýew we Döwran Hojamämmedow duýduryş aldylar.

Ýokary liganyň klublarynyň ýaşlar (dubl) düzümleri arasyndaky Türkmenistanyň birinjiliginde 2026-njy ýylyň 25-nji tury 30-njy we 31-nji oktýabrda geçdi.

«Nebitçi II» we «Köpetdag II» deňme-deň oýnadylar — 0:0. Duýduryşlary Muhammetberdi Berenow, Goçakmämmet Atamämmedow we Geldimyrat Salmyradow («Nebitçi II»), şeýle hem Hekim Şyhberdiýew, Allamyrat Toýmyradow we Ybraýym Welibaýew («Köpetdag II») aldylar. 90+5-nji minutda «Nebitçi II» toparyndan Elýas Agoýiliýew meýdançadan çykaryldy.

31-nji oktýabrda bolup geçen «Altyn Asyr II» — «Ahal II» duşuşygy 0:0 hasaby bilen tamamlandy.