GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 26-njy tapgyryň duşuşyklary geçirildi
09.11.2026

7-nji we 8-nji noýabrda geçirilen Ýokary liga futbol toparlarynyň arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň birinjiliginiň 26-njy tapgyrynda 4 oýun geçirildi: «Altyn Asyr» Mary şäherinde «Merw» toparyny 4:0 hasabynda ýeňdi; «Köpetdag» Aşgabatda «Aşgabat» toparyny 1:0; «Ahal» «Şagadam» toparyny 2:0; «Arkadag» «Nebitçi» toparyny 2:1 hasabynda utdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy habar berýär.

«Merw» – «Altyn Asyr» duşuşygy 7-nji noýabrda geçirildi. Hasaby 6-njy minutda «Altyn Asyr» toparyndan Ruslan Täjiýew açdy. 9-njy minutda «Merwiň» oýunçysy Ysmaýyl Gulow öz derwezesine gol geçirdi. 42-nji we 52-nji minutlarda Röwşengeldi Halmämmedow iki gol geçirdi.

Şol gün Aşgabatdaky «Aşgabat» stadionynda «Köpetdag» «Aşgabat» toparyny ýeňdi. Ýeke-täk goly 87-nji minutda Emir Berdiýew saldy. 86-njy minutda emin «Köpetdag» toparyndan Nyýazmyrat Kulýazowy we «Aşgabat» toparyndan Didar Didarowy meýdançadan çykardy.

Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda «Ahal» «Şagadam» toparyny ýeňdi. 13-nji minutda hasaby Begenç Mämiýew açdy, 48-nji minutda Enwer Annaýew hasaby 2:0-a ýetirdi.

Tapgyr 8-nji noýabrda Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen «Arkadag» – «Nebitçi» duşuşygy bilen tamamlandy. 32-nji minutda myhmanlary Hydyr Agöýliýew öňe çykardy. Öý eýeleri iki gol bilen jogap berdi: 40-njy minutda Didar Durdyýew, 45+1-nji minutda Şamämmet Hydyrow tapawutlandy.

6-njy we 7-nji noýabrda Ýokary liga futbol toparlarynyň ýanyndaky ýaşlaryň (dublýorlar) arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 26-njy tapgyrynyň duşuşyklary hem geçirildi.«Altyn Asyr II» myhmançylykda «Merw II» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi, «Köpetdag II» bilen «Aşgabat II» 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady, «Ahal II» «Şagadam II» toparyny 6:1, «Arkadag II» «Nebitçi II» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi.