GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Arkadag» topary AFK-nyň «Çempionlar ligasy — 2» bäsleşigini ýeňiş bilen başlady
16.09.2026

«Arkadag» futbol topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň «Çempionlar ligasy — 2» bäsleşiginiň «B» toparçasyndaky ilkinji duşuşygynda Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyny öz meýdanynda utup, ýaryşa ýeňiş bilen başlady. Gazanylan bu möhüm ýeňişden soň 3 utuk bilen toparçada birinji orna geçen Arkadag şäheriniň adybir topary ikinji tapgyryň çäginde 14-nji oktýabrda myhmançylykda BAE-niň «Al-Jazira» topary bilen duşuşar.

Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionynda geçirilen oýnuň birinji ýarymy çekeleşikli geçip, taraplaryň synanyşyklaryna garamazdan 0:0 hasabynda tamamlandy. Ikinji ýarymda hüjümjeň oýny güýçlendiren «Arkadag» topary 52-nji minutda hasaby açdy. Arzuwguly Sapargulyýewiň burçdan geçiren topuny goragçy Mekan Saparow kelle urgusy bilen derwezä girizdi. Oýnuň galan minutlarynda goragda berk duran ýurdumyzyň çempiony wajyp bolan 3 utugy gazanmagy başardy.

Toparçanyň beýleki duşuşygynda Eýranyň «Gol Gohar» bilen BAE-niň «Al-Jazira» toparlary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň deslapky tapgyrynda «A» toparçada Liwanyň «Al-Ansar», Siriýanyň «Al-Ittihad» we Butanyň «Paro» toparlary bilen bäsleşer. Bu toparçanyň duşuşyklary 17 — 24-nji oktýabr aralygynda Butanda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Ýurtda sporta berilýän uly ünsüň netijesinde «Arkadag» topary milli ýaryşlarda we halkara giňişlikde uly üstünlikleri gazanmagyny dowam edýär.