12-nji sentýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 20-njy tapgyrynyň çäginde üç duşuşyk geçirildi: «Ahal» «Nebitçini» 3:0 hasabynda derbi-dagyn etdi, «Altyn Asyr» «Şagadamy» 2:0 hasabynda utdy, «Merw» bilen «Köpetdag» bolsa 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.
«Merw» — «Köpetdag» duşuşygy Mary şäherindäki «Merw» geçdi. Bu duşuşykda gol geçirilmedi. «Köpetdagdan» Nyýazmyrat Kulýazow (34-nji minut) we Emir Berdiýew (82-nji minut) duýduryş aldylar.
Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen ikinji duşuşykda «Ahal» «Nebitçiden» 3:0 hasabynda üstün çykdy. Ýakupmuhammet Gowşudow iki gezek — 61-nji we 74-nji minutlarda tapawutlandy, ýene bir topy 85-nji minutda Enwer Annaýew geçirdi. «Nebitçiden» Arslangylyç Nazgylyjow (14-nji minut), Muhammet Annaýew (51-nji minut) we Seýitmämmet Hojamämmedow (60-njy minut) duýduryş aldylar.
Tapgyryň üçünji duşuşygy — «Altyn Asyr» — «Şagadam» — Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda geçdi. «Altyn Asyra» 2:0 hasabyndaky ýeňşi Begençmyrat Myradowyň (21-nji minut) we Mekan Aşyrowyň (90+3-nji minut) gollary getirdi. Bu duşuşykda «Altyn Asyrdan» Ruslan Täjiýew bilen Weýisgeldi Orazdurdyýew, şeýle-de «Şagadamdan» Begenç Gylyçnyýazow (iki gezek, 22-nji we 28-nji minutlarda), Leonel Kosofana, Elýas Akyýew we Serdar Gullyýew duýduryş aldylar.







