GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Arkadag» we «Ahal» Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykdylar
11.09.2026

Aşgabatda Türkmenistanyň Kuboguyny almak ugrundaky ýaryşyň iki sany ýarym final duşuşygy geçirildi. «Ahal» topary «Köpetdagy» 5:1 hasabynda ýeňdi, «Arkadag» bolsa «Altyn Asyry» 3:1 hasabynda utdy.

«Köpetdag» – «Ahal» duşuşygy türkmen paýtagtynda ýerleşýän stadionda geçirildi. «Köpetdagyň» düzüminde Emir Berdiýew (24-nji minut) tapawutlandy. «Ahalyň» düzüminde bolsa Nazar Towakelow (47-nji minut, 11 metrlik jerime urgusyndan), Ýakupmuhammet Gowşudow (60-njy minut), Süleýman Mirzoýew (72-nji minut), Yslam Annamyradow (79-njy minut) we Annamyrat Meredow (83-nji minut) gol geçirdiler. Duýduryş alanlar: Batyr Aşyrow («Köpetdag»), şeýle-de Azat Rahmanow, Ruslan Piriýew we Oraz Orazow («Ahal»).

«Altyn Asyr» – «Arkadag» duşuşygy Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda geçirildi. «Altyn Asyryň» düzüminde Röwşengeldi Halmämmedow (54-nji minut) gol geçirdi. «Arkadagyň» düzüminde bolsa Mekan Saparow (8-nji minut), Ýazgylyç Gurbanow (65-nji minut) we Daýanç Meredow (67-nji minut) tapawutlandylar. Duýduryş alanlar: 84-nji minutda meýdandan çykarylan Zafar Babajanow we Mekan Aşyrow («Altyn Asyr»), şeýle-de Ybraýym Mämmedow we Ýazgylyç Gurbanow («Arkadag»).