GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda futbol boýunça çempionatyň 19-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi
07.09.2026

4-nji we 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 19-njy tapgyrynyň çäginde üç duşuşyk geçirildi. «Arkadag» topary «Nebitçini» 4:2 hasabynda ýeňdi, «Aşgabat» bilen «Köpetdag» 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar, «Şagadam» bolsa «Ahaly» 2:1 hasabynda ýeňdi.

Balkanabatda geçirilen duşuşykda «Nebitçi» «Arkadagdan» 2:4 hasabynda utuldy. Meýdan eýelerinden 8-nji minutda Hydyr Agöýliýew, 30-njy minutda Muhammet Annaýew tapawutlandylar. «Arkadagyň» düzüminde Didar Durdyýew 2-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan, şeýle hem 45+2-nji, 57-nji we 72-nji minutlarda tapawutlanyp, jemi dört gol geçirdi. Duşuşykda «Nebitçiden» Muhammet Annaýewe, «Arkadagdan» bolsa Yhlas Saparmämmedowa duýduryş berildi.

Aşgabatda ýerleşýän «Nusaý» stadionynda «Aşgabat» bilen «Köpetdag» 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar. «Aşgabadyň» düzüminden 14-nji minutda Merdan Muhadow, «Köpetdagdan» bolsa 10-njy minutda Emir Berdiýew gol geçirdi. «Aşgabat» toparynyň düzüminde oýnaýan Nedirmämmet Nedirmämmedowa, Merdan Muhadowa we Orazaly Begnazarowa, «Köpetdagdan» bolsa Orazmuhammet Işangulyýewe, Döwletmyrat Seýitmuhammedowa, Batyr Aşyrowa we Serdar Annaorazowa duýduryş berildi.

Türkmenbaşyda «Şagadam» stadionynda şol at bilen atlandyrylýan ýerli topar «Ahaly» 2:1 hasabynda ýeňdi. «Şagadamyň» düzüminden 45+1-nji minutda Yhlas Magtymow, 80-nji minutda Musa Nurnazarow, «Ahalyň» düzüminden bolsa 83-nji minutda Döwran Hojamämmedow tapawutlandylar. Bu duşuşykda «Şagadamyň» oýunçylary Lonel Kosofana, Hydyrgeldi Adžanow we Resul Mahmydow duýduryş aldylar.

Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda öňdebaryjy orny «Arkadag» topary eýeleýär. Onuň 60 utugy bar.