Ýurdumyzda futbol boýunça ýaşlar çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklar 5-nji we 6-njy awgustda oýnaldy. Iň uly ýeňşi «Altyn Asyr II» toparynyň futbolçylary gazanyp, «Aşgabat II» toparyny 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdiler.
«Arkadag II» — «Merw II» — 4:0
5-nji awgustda Aşgabatdaky «Aşgabat» stadionynda «Arkadag II» topary «Merw II» toparyndan jogapsyz 4 gol bilen üstün çykdy. Hasaby 8-nji minutda Gurbangeldi Garajaýew açdy, 44-nji minutda gollaryň biri 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi, duşuşygyň jemleýji böleginde bolsa Hajymuhammet Orazow (84) bilen Süleýmannazar Gowşudow (85-nji minutda) tapawutlandylar. Hajymuhammet Orazowa duýduryş berildi.
«Altyn Asyr II» — «Aşgabat II» — 6:0
6-njy awgustda Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda «Altyn Asyr II» futbolçylary «Aşgabat II» toparyny derbi-dagyn etdiler. Orazguly Orazgulyýew (2, 55-nji minutlarda ) dubl bilen tapawutlandy, ýene bir dubl bolsa Weýisgeldi Orazdurdyýewiň (45, 57-nji minutda) hasabyna ýazyldy, şeýle-de Hangylyç Goçgulyýew (84-nji minutda) bilen Ýakup Baýramgeldiýew (90+3-nji minutda) gol geçirdiler. Duýduryşlary «Altyn Asyr II» toparyndan Yklym Altyýew (85-nji minutda) bilen Myrat Öwezmyradow (90-njy minutda), şeýle hem «Aşgabat II» toparyndan Kiril Çaruhin (31-nji minutda) aldylar.
«Şagadam II» — «Nebitçi II» — 2:0
6-njy awgustda Türkmenbaşydaky «Şagadam» stadionynda «Şagadam II» topary «Nebitçi II» toparyndan üstün çykdy. Gollary Ebragim Guljanow (67-nji minutda) bilen Toýly Batyrow (77-nji minutda) geçirdiler. Duýduryşlary «Şagadam II» futbol toparyndan Gurbanmämmet Halmämmedow (27-nji minutda), Wadim Beçin (90+1-nji minutda) we Arzuw Söýjanow (90+2-nji minutda), şeýle hem «Nebitçi II» futbol toparyndan Mämmetaly Mämmedow (32-nji minutda) bilen Söýenç Toýçyýew (51-nji minutda) aldylar.
«Ahal II» — «Köpetdag II» — 3:0
6-njy awgustda türkmen paýtagtyndaky «Aşgabat» stadionynda «Ahal II» topary «Köpetdag II» toparyndan ynamly üstün çykdy. Muhammedaly Nasyrow (49-njy minutda), Begenç Orazmuhammedow (53-nji minutda) we Meýlis Gaýlyýew (66-njy minutda) tapawutlandylar. Duýduryşlary «Köpetdag II» toparyndan Meýlis Dörtgulyýew (52-nji minutda) bilen Arslan Priýew (90-njy minutda) aldylar.







