Ýurdumyzda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň duşuşyklary 6-njy we 7-nji awgustda geçirildi. Iň uly ýeňşi bolsa «Merw» toparyny 7:0 hasabynda derbi-dagyn eden «Arkadagyň» futbolçylary gazandy.
«Arkadag» — «Merw» — 7:0
6-njy awgustda Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadagyň» futbolçylary garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz ýedi gol geçirdiler. Gollary Şamämmet Hydyrow (35-nji minutda) bilen Didar Durdyýew (40-njy minutda) geçirdi, Meýlis Diniýew (62, 66-njy minutlarda) iki gezek tapawutlandy, şeýle-de Baýram Ataýew (77-nji minutda), Arzuwguly Sapargulyýew (82-nji minutda) we Yhlas Toýjanow (87-nji minutda) hasaby artdyrdylar.
«Altyn Asyr» — «Aşgabat» — 2:1
7-nji awgustda Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda geçirilen duşuşykda «Altyn Asyr» «Aşgabat» toparyndan üstün çykdy. Öý eýeleriniň hatarynda Röwşen Halmämmedow (53-nji minutda) bilen Zafar Babajanow (90-njy minutda) tapawutlandy, myhmanlaryň ýeke-täk goluny bolsa Agageldi Täçmämmedow (15-nji minutda) geçirdi. «Altyn Asyrdan» Abdyrahym Annamyradow (30-njy minutda) bilen Döwletýar Berdiýew (90+3-nji minutda), «Aşgabatdan» bolsa Bagtyýar Agabaýew (33-nji minutda), Didar Didarow (46-njy minutda) we Mergen Nurlyýew (77-nji minutda) duýduryş aldylar.
«Şagadam» — «Nebitçi» — 1:1
7-nji awgustda Türkmenbaşydaky «Şagadam» stadionynda geçirilen duşuşykda «Şagadam» bilen «Nebitçi» deňme-deň oýnady. Öý eýeleri 46-njy minutda Serdar Gulyýewiň geçiren goly bilen öňe saýlandy, myhmanlar bolsa diňe esasy wagtyň üstüne goşulan wagtda — 90+3-nji minutda Serdar Tukiýewiň goly bilen hasaby deňledi. «Şagadamdan» Elýas Akyýew, «Nebitçi» futbol toparyndan bolsa Daýanç Nurlyýew, Akmämmet Metdaýew, Döwletnazar Omarow, Orazdurdy Şamyýew we Abdymuhammet Begjanow duýduryş aldylar. 90+3-nji minutda «Nebitçiden» Muhammet Annaýew meýdandan çykaryldy.
«Ahal» — «Köpetdag» — 3:0
7-nji awgustda Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahal» «Köpetdagdan» ynamly üstün çykdy. Süleýman Mirzoýew (11, 16-njy minutlarda) iki gol geçirdi, üçünji topy bolsa Ýakupmuhammet Gowşudow (82) derwezä saldy. «Ahal» futbol toparyndan Döwran Hojamuhammedow (53-nji minutda), Nazar Towakelow (62-nji minutda) we Bäşim Gurbanberdiýew (90+3-nji minutda) duýduryş aldylar.







