GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň 15-nji tapgyrynda geçiriljek duşuşyklaryň senesi we wagty belli boldy
06.08.2026

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy futbol boýunça ýurdumyzyň Ýokary liganyň toparlarynyň arasyndaky birinjiligiň 2026-njy ýylyň möwsüminiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň tertibi bilen tanyşdyrdy. Duşuşyklar 6-njy we 7-nji awgustda Aşgabatda hem-de Türkmenbaşyda geçiriler.

Tapgyra 6-njy awgustda sagat 18:15-de Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda geçiriljek «Arkadag» bilen «Merw» toparlarynyň duşuşygy badalga berer.

7-nji awgustda birbada üç duşuşyk geçiriler. Sagat 18:00-da Büzmeýin etrabynda «Altyn Asyr» bilen «Aşgabat» güýç synanyşar. Sagat 18:15-de Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda «Ahal» bilen «Köpetdag» duşuşar. Türkmenbaşydaky «Şagadam» stadionynda bolsa sagat 18:30-da «Şagadam» topary «Nebitçini» kabul eder.