GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Arkadag» futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny gazandy
03.08.2026

Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda «Arkadag» bilen «Ahal» toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygy Türkmenistanyň Futbol federasiýasy gurady. «Arkadag» topary 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

«Arkadag» toparynyň düzüminde Rahman Myradberdiýew 19-njy, Begenç Akmämmedow 57-nji, Şanazar Tirkişow bolsa 79-njy minutlarda top geçirdiler.