GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aşgabatda «Arkadag» bilen «Ahal» futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda duşuşar
29.07.2026

Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň adyny göterýän «Arkadag» futbol topary we Änewe wekilçilik edýän «Ahal» topary 2-nji awgustda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda duşuşarlar. Duşuşyk Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçiriler we sagat 17:45-de başlanar.

«Arkadag» topary Ýokary liganyň ýeňijisi we Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi hökmünde Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşykda oýnamak hukugyny gazandy. Geçen möwsümde Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky topar yzly-yzyna üçünji gezek Türkmenistanyň çempiony we Kubogyň eýesi boldy.

«Ahal» topary Türkmenistanyň Kubogynyň geçen ýylky jemleýji tapgyrynyň gatnaşyjysy hökmünde Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyga gatnaşar. Bu möwsümde topara täze baş tälimçi Eziz Annamuhammedow ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda Ýokary liganyň birinji aýlawynyň jemleri boýunça «Ahal» 30 utuk bilen ýaryşyň tertibinde ikinji orny eýeleýär we üçünji orundaky Aşgabadyň «Altyn Asyr» toparyndan (29 utuk) bir utuk öňde barýar. Birinji orunda bolsa uly tapawut bilen «Arkadag» topary (42 utuk) barýar.

«Arkadag» we «Ahal» toparlary şu ýyl Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň toparlaýyn ýaryşlarynda halkara derejede Türkmenistanyň at-abraýyny hem gorarlar. «Ahal» sebitde ähmiýeti boýunça üçünji topar ýaryşy bolan AFK-nyň Çagyryş boýunça ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndan başlar. «Arkadag» bolsa AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň toparçalaýyn tapgyryna çykmak hukugy ugrunda Hindistanyň «Goa» topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk 12-nji awgustda Arkadag şäheriniň stadionynda geçiriler.