Şenbe güni, 20-nji iýunda, futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 14-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Oýun güni örän gyzykly boldy: toparlar dört duşuşykda jemi 18 top geçirip, janköýerleri ýokary netijelilik bilen begendirdiler. Şunda duşuşyklaryň ählisinde meýdança eýeleriniň ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek.
«Ahal» «Aşgabat» toparyny ýeňdi
Tapgyryň iň çekeleşikli we geçirilen toplara baý oýny paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda boldy. «Ahal» bilen «Aşgabadyň» arasyndaky duşuşyk 4:3 hasabynda meýdança eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşygyň baş gahrymany dubl eden (8-nji we 74-nji minutlar) «Ahalyň» futbolçysy Ýakupmuhammet Gowşudow boldy. Meýdança eýeleriniň düzüminden Ruslan Priýew we Bäşim Gurbanberdiýew hem tapawutlandylar.
Myhmanlardan bolsa Merdan Muhadow dubl bilen (geçirilen toplaryň biri jerime urgudan ýerine ýetirildi) jogap berdi. Şeýle hem Şyhdurdy Amandurdyýew tapawutlanmagy başardy.
«Arkadag» we «Altyn Asyr» öz utuklaryny ynamly aldylar
Ýaryşyň liderleri öz meýdançalarynda ussatlyklaryny subut etdiler:
- «Arkadag» adybir stadionda paýtagtyň «Köpetdag» toparyny 3:0 hasabynda uly tapawut bilen ýeňdi. Hasaby oýnuň birinji ýarymynyň ahyrynda Meýlis Diniýew açdy, ikinji ýarymda Abdy Bäşimow artykmaçlygy berkitdi. Resul Hojaýew bolsa 85-nji minutda jerime urgudan soňky nokady goýdy.
- Büzmeýin etrabynda paýtagtyň «Altyn Asyr» topary «Nebitçini» 4:2 hasabynda ynamly utdy. Röwşengeldi Halmämmedow dubl etdi. Şeýle hem «aragatnaşykçylardan» Myrat Annaýew we Begmyrat Baýow gol saldylar. «Nebitçi» diňe duşuşygyň ahyrynda Hydyr Agöýliýewiň we Abdymuhammet Begjanowyň tagallalary bilen jogap berip bildi.
Marydaky «gury» ýeňiş
«Merw» futbol topary öz meýdançasynda «Şagadamdan» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşygyň ikinji ýarymynda Şöhrat Öwmadow we Mekan Ýazmyradow (jerime urgudan) tapawutlandylar.
Oýun örän ýiti göreş bilen ýatda galdy: baş emin 11 duýduryş berdi. Olaryň dördüsini «Merwiň» oýunçylary, ýedisini bolsa deňizýaka toparyň wekilleri (şol sanda «Şagadamyň» tälimçisi Gurbangeldi Durdyýew) aldylar.







