Geçen hepdäniň şenbe güni, 13-nji iýunda, futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 13-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Oýun güni örän gyzykly we geçirilen toplara baý boldy.
«Nusaý» stadionynda «Arkadagyň» futbolçylary ýer eýelerini ynamly hasap bilen utmagy başardylar. Ýeňiji toparyň düzüminde Rahman Myratberdiýew tapawutlanyp, 13-nji we 18-nji minutlarda top geçirmegi başardy. Şeýle hem Meýlis Diniýew, Ylýas Çaryýew, Resul Hojaýew, Şamämmet Hydyrow we Didar Durdyýew garşydaşynyň derwezesine top geçirmegi başardylar. «Aşgabat» toparynyň düzüminde geçirilen ýeke-täk top bilen Garly Garlyýew öňe saýlandy.
Aşgabatda «Köpetdag» topary «Merwden» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Toplary Baýramgeldi Gulmaýew we Mekan Amannyýazow geçirmegi başardylar.
Myhmançylykda ynamly ýeňiş gazanan «Ahal» topary Balkanabatda «Nebitçini» 4:0 hasabynda utdy. Toplary Oraz Orazow, Magtymberdi Berenow we öz Bäşim Gurbanberdiýew geçirdiler.
Tapgyryň ýene bir duşuşygynda «Altyn Asyr» myhmançylykda «Şagadam» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Topara ýeňşi Begençmyrat Myradowyň we Bagtyýar Gürgenowyň takyk urgulary getirdi.
Şeýlelik bilen, «Arkadag» topary «Aşgabadyň» derwezesine ýedi top geçirip, iň netijeli oýny görkezdi, beýleki ýeňiş gazanan toparlar bolsa öz derwezelerini hüjümlerden sakladylar.







