12-nji iýunda Ýokary liganyň futbol toparlarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 13-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Oýun güni myhmanlar üçin örän netijeli boldy, tapgyryň merkezi wakasy bolsa «Aşgabat» stadionyndaky uly hasaply ýeňiş boldy.
Tapgyryň iň uly ýeňşini Türkmenistanyň paýtagtynda «Aşgabat II» toparyny 9:0 hasabynda ýeňen «Arkadag II» gazandy. Duşuşygyň baş gahrymany baryp oýnuň birinji ýarymynda (8-nji, 24-nji, 38-nji we 45-nji minutlarda) garşydaşynyň derwezesine 4 top geçirmegi başaran Süleýman Gowşudow boldy. Şeýle hem «Arkadag» toparynyň düzüminde Pälwan Annaýew, Saparmyrat Annadurdyýew, Annamuhammet Rejepow, Batyr Begenjow we Nurýagdy Baýramow tapawutlanmagy başardylar.
Balkanabatda «Ahal II» topary «Nebitçiniň» ýaşlar düzümini ynamly ýeňdi. Duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Ýeňiji toparyň düzüminde toplary Meýlis Gaýlyýew we Azatmuhammet Hajyýew geçirdiler.
Mundan başga-da, «Altyn Asyr II» topary «Awaza» milli syýahatçylyk zolgynda «Şagadam» toparynyň ýaşlar düzüminden 3:0 hasabynda üstün çykdy. Tapawutlananlar: Rahym Ýarow we iki top geçirmegi başaran Weýisgeldi Orazdurdyýew.
Tapgyryň derwezelere top geçirilmedik ýeke-täk duşuşygy Aşgabatda «Köpetdag II» we «Merw II» toparlarynyň arasynda boldy.
Toparlar Ýokary liganyň futbol toparlarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýokary orunlar ugrundaky göreşi dowam etdirýärler.







