Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýanyndaky 17 ýaşa çenli ýetginjeklerden düzülen toparlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ýaşlar birinjiliginiň 5-nji tapgyry tamamlandy. Bu tapgyr gyzykly pursatlara baý boldy: köpsanly geçirilen toplar, taktiki düzedişler we ýaş zehinleriň täsirli oýny birinjilik ugrundaky bäsdeşligi has-da güýçlendirdi.
Geçirilen duşuşyklar birnäçe garaşylmadyk netijeler we aşakdaky görkezijiler bilen tamamlandy:
-
«Arkadag» – «Ahal» — 4:2
Tapgyryň iň çekeleşikli we geçirilen toplara baý oýunlarynyň biri. «Arkadagyň» ýetginjekleri erjellik görkezip, esasy bäsdeşinden möhüm utuklary almagy başardylar.
-
«Altyn Asyr» – «Köpetdag» — 4:1
«Altyn Asyr» topary hüjümde ýokary netijelilik görkezip, birinji bolmaga esasy dalaşgärleriň biridigini ýene-de bir gezek subut etdi. «Aragatnaşykçylaryň» ynamly we aýgytly ýeňşi.
-
«Nebitçi» – «Şagadam» — 2:1
«Nebitçiniň» ýaş oýunçylary has durnukly we sowukganly oýun görkezdiler, bu bolsa olara ýeňiş gazanmaga we ýaryş tertibindäki ornuny gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.
-
«Aşgabat» – «Merw» — 3:0
Paýtagtly topar oýnuň dowamynda meýdançada doly artykmaçlyk görkezip, bäsdeşiniň derwezesine jogapsyz üç top geçirdi we ynamly ýeňiş gazandy.
Geljekki çempionlaryň ojagy
Häzirki birinjilik diňe bir utuklar we medallar ugrundaky bäsdeşlik däldir. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) guramagynda geçirilýän bu ýaryş geljegi uly bolan oýunçylary ýüze çykarmak we olaryň başarnyklarynyň has-da kämilleşmegini üpjün etmek ýaly möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.
Şeýle hem Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýanyndaky 15 ýaşa çenli ýetginjeklerden düzülen toparlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ýaşlar birinjiliginiň 4-nji tapgyry tamamlandy.







