GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Mary welaýatynda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 5-nji aýlawynyň duşuşyklary geçirildi
16.05.2026

Mary şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň sport toplumynda — Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baş müdirliginiň desgasynda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyrynyň nobatdaky oýunlary geçirildi.

«A» toparçasynda «Gümrükçi» topary «Faraby» 6:3 hasabynda ýeňdi, «Köpetdag» bolsa «Senagatbanky» 5:2 hasabynda utdy.

«B» toparçasynda geçirilen iki duşuşykda hem deňlik hasaba alyndy: Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň topary bilen «Nesil» 2:2 hasabynda, «Migrasiýa» bilen «Deňizçi» bolsa 3:3 hasabynda deňme-deň oýnadylar.