GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
TNGZIT toparynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyrynyň ikinji aýlawyna badalga berildi
13.05.2026

11-nji maýda Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň sport toplumynda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyrynyň ikinji aýlawyna badalga berildi.

Birinji oýun gününde «A» toparçanyň wekilleri meýdança çykdylar. «Köpetdag» topary uly hasap bilen «Farap» toparyny ýeňlişe sezewar eden bolsa (16:1), «Senagatbank» «Gümrükçiden» 8:6 hasabynda üstün çykdy.

12-nji maýda «B» toparçanyň wekilleri meýdança çykdylar.

«Nesil» «Deňizçi» topary bilen duşuşdy. Oýun 0:5 hasaby bilen «Deňizçiniň» peýdasyna gutardy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň topary bilen «Migrasiýanyň» arasyndaky oýun 2:4 hasaby bilen «Migrasiýanyň» peýdasyna gutardy.

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyryna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň topary, «Deňizçi» (Balkan welaýaty), «Köpetdag», «Senagatbank», «Migrasiýa» (Aşgabat şäheri), «Gümrükçi», «Farap», «Nesil» (Lebap welaýaty) toparlary gatnaşýarlar.