GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek final tapgyry: ýurduň öňdebaryjy toparlarynyň gatnaşmagynda ilkinji oýunlar geçiriler
06.05.2026

6-njy maýda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň çärýek final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary geçiriler. Bu tapgyrda futbol janköýerlerine dört gyzykly garşylaşyk garaşýar.

Tapgyryň ilkinji duşuşygy Türkmenbaşy şäherindäki «Şagadam» stadionynda geçiriler. Bu ýerde «Şagadam» topary «Köpetdag» toparyny kabul eder. Duşuşyk sagat 17:00-da başlanar.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda «Altyn Asyr» topary «Aşgabat» topary bilen duşuşar. Duşuşygyň başlanjak wagty 17:45 diýlip kesgitlenildi.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Aşgabat» stadionynda «Ahal» topary «Nebitçi» topary bilen duşuşar. Bu oýun sagat 18:00-da başlanar.

Tapgyryň ýene bir duşuşygy Aşgabat şäherindäki «Nusaý» stadionynda geçiriler. Bu ýerde häzirki Ýokary liganyň lideri «Arkadag» topary «Merw» topary bilen duşuşar. Oýun sagat 18:00-da başlanar.

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň çärýek final tapgyrynyň jogap duşuşyklary ýarym finala çykjak toparlary kesgitlär.