GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Ahal» Türkmenistanyň futbol boýunça iki çempionatynda öňdebaryjy orunlary eýeleýär
04.05.2026

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary bolan «Ahal» Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol boýunça çemponatynda altynjy tapgyryň duşuşyklaryndan soň üçünji orny eýeleýär. Bu futbol topary 11 utuk toplady. Çempionatda birinji orny 18 utuk gazanmagy başaran «Arkadag» eýeleýär. Ikinji orunda gazanan 13 utugy bilen «Altyn Asyr» ýerleşdi.

Altynjy tapgyryň çäklerinde «Ahal» nebitgaz toplumyna wekilçilik edýän «Nebitçiden» üstün çykmagy başardy.

«Ahalyň» ýaşlar düzümi hem Ýokary liganyň futbol toparlarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde altynjy tapgyryň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň netijesinde öňdebaryjy orny eýeleýär. Topar 11 utuk gazandy. «Arkadag II» toplan 16 utugy bilen ynamly birinji orny eýeleýär. Üçünji orunda bolsa 10 utuk toplan «Altyn Asyr II» topary ýerleşýär.

Altynjy tapgyryň çäklerinde «Ahal II» «Nebitçini II» ýeňdi.