GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýokary liganyň futbol toparlarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň futbol boýunça birinjiliginiň 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi
28.04.2026

25-nji aprelde Ýokary liganyň futbol toparlarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň futbol boýunça birinjiliginiň 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

«Köpetdag II» bilen «Aşgabat II»-yň arasyndaky duşuşyk «Köpetdag II»-yň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Oýun 4:0 hasaby bilen tamamlandy. «Şagadam II» bilen «Ahal II»-yň arasyndaky geçirilen oýunda Änew şäheriniň oýunçylary 0:1 hasaby bilen ýeňlişe sezewar edildiler. Oýun gününiň üçünji duşuşygy «Arkadag II» futbol toparynyň «Nebitçi II»-niň üstünden ýeňşi bilen tamamlandy (1:0). Ýene bir oýunda «Altyn Asyr II» «Merw II»-i 8:0 hasaby bilen utdy.

Şeýlelikde, 13 utuk gazanan «Arkadag II» topary birinji orny eýeleýär. «Nebitçi II»-niň we «Şagadam II»-yň 9 utuklary bar. «Ahal II» bolsa 8 utuk toplamagy başardy.